Bäherdeniň täze haly kärhanasynda 150 zenanyň işlemegine mümkinçilik dörär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Bäherdeniň täze haly kärhanasynda 150 zenanyň işlemegine mümkinçilik dörär
“Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň düzümine ýurt boýunça 100-den gowrak halyçylyk bölümleri degişli bolup, olarda 5 müňden gowrak halyçy zenan zähmet çekýär.

Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda gurulýan Çeper halyçylyk kärhanasynyň täze binasynyň gurluşyk işleri tamamlaýjy tapgyra gadam basdy.

“Türkmenistan” gazetiniň penşenbe güni habar bermegine görä, fabrigiň gurluşygynyň doly tamamlanyp, ulanylmaga berilmegi bilen, ol ýerde gelin-gyzlaryň 150-siniň zähmet çekmegine mümkinçilik dörär.

“Aşgabatdemirbeton” ýöriteleşdirilen kärhanasy tarapyndan gurluşygy alnyp barylýan bu desga bir gektar meýdany eýeleýär. Kärhana ýanaşyk ýerde önümhana binasy hem göz öňünde tutuldy.

Çeper halyçylyk kärhanasynyň täze binasynyň gurluşygyna 2018-nji ýylyň oktýabr aýynda girişilipdi.

Şeýle hem ýakyn wagtda Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynda, Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynda we Lebap welaýatynyň Halaç etrabynda häzirki zaman haly kärhanalarynyň açylmagyna garaşylýar.

Häzirki wagtda “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň düzümine çeper halyçylyk kärhanalarynyň sekiz sanysy degişli bolup, bular Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda ýerleşýän 100-den gowrak halyçylyk bölümlerini we sehleri özünde jemleýär. Bu çeper halyçylyk kärhanalarynda 5 müňden gowrak halyçy zenan zähmet çekýär.