Türkmen nebitiniň Russiýadan üstaşyr geçirilmegi pandemiýa garamazdan ýokarlandy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen nebitiniň Russiýadan üstaşyr geçirilmegi pandemiýa garamazdan ýokarlandy
Türkmenistanyň geçen ýedi aýda Russiýanyň çäginden nebiti üstaşyr geçirmeginiň ösüş depgini 23.9% boldy.

Türkmenistan 2020-nji ýylyň ilkinji ýedi aýynda Russiýa Federasiýasynyň çäginden 1,305 million tonna nebiti üstaşyr geçirdi. Bu barada Russiýanyň ýangyç-energetika toplumynyň Merkezi dispetçer gullugy habar berýär.

Maglumata görä, Türkmenistanyň bu döwürde Russiýanyň çäginden nebiti üstaşyr geçirmeginiň ösüş depgini 23.9% boldy.

Gazagystanyň nebitiniň Russiýanyň çäginden üstaşyr geçişi 2020-nji ýylyň ýedi aýynda 3% ýokarlanyp, 9,498 million tonna barabar boldy, Azerbaýjan nebitiniň üstaşyr geçişi 91% peselip, 29,5 müň tonna barabar boldy, diýip habarda aýdylýar.

Şeýle-de Russiýada nebit önümçiligi 2020-nji ýylyň ýanwar-iýul aýlary aralygynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 6.5% peselip, 304,33 million tonna bolandygy habarda nygtalýar.

Bu döwürde Russiýanyň nebitiniň daşary ýurtlara eksporty 6.8% peselip, 134,053 million tonna barabar boldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022