“Bagtly zamana” täze ýuwujy serişdeleriniň önümçiligini ýola goýdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Bagtly zamana” täze ýuwujy serişdeleriniň önümçiligini ýola goýdy
“Bagtly zamana” hojalyk jemgyýeti 3, 6 we 9 kilogramlyk polietilen gaplarda ýuwujy serişdelerini öndürýär.

“Bagtly zamana” hojalyk jemgyýeti “Aý nur” haryt nyşanly ýuwujy serişdeleriniň üstüni 400 gramlyk gutulara gaplanan täze önümler bilen ýetirdi. Bu serişdeler egin-eşikleri tämizlemek, olaryň berkligini we asyl durkuny gorap saklamak bilen çäklenmän, eýsem, bahar gülleriniň ter ysyny hem döredýär.

“Ahal durmuşy” gazetiniň çarşenbe güni habar bermegine görä, şeýle-de kompaniýa matalar üçin tegmil aýryjy we agardyjy serişdäniň önümçiliginiň hem ýola goýdy. Bu kislorodly agardyjy serişdäniň esasy aýratynlyklarynyň biri-de, guran tegmilleri aýryp, matanyň solan reňkini öňki kaddyna dikeldýändigidir.

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çägindäki senagat zolagynda ýerleşýän bu kärhana geçen ýylyň iýun aýynda ulanmaga berildi. Şondan bäri bu ýerde 3, 6, 9 kilogramlyk polietilen gaplarda ýuwujy serişdeleri öndürilip gelinýär.

Kärhananyň gözellik sabynlaryny öndürýän bölüminde “Päkize” haryt nyşanly 100 gramlyk sabynlaryň dört görnüşi çykarylýar. Bölümiň esasy aýratynlygy sabyn önümçiligi üçin gerekli çig malyň özünde taýýarlanylmagydyr. Munuň üçin ol ýerde ornaşdyrylan Italiýanyň döwrebap tehnologiýasy mümkinçilik döredýär. Merkezi Aziýa döwletleriniň ugurdaş kärhanalarynyň arasynda ilkinji bolup, şeýle tehnologiýanyň bu ýerde ulanylmagy kärhanada kokos we palma ýagyndan ýokary hilli çig maly taýýarlamaga şert döredýär.

“Bagtly zamana” kompaniýasynyň ýuwujy serişdelerini öndürmek üçin niýetlenen desgasynyň taslamasyny Italiýanyň “Mersina” kompaniýasy ýerine ýetirdi. Taýýar önümi gaplamak işi Italiýanyň “Essegi” kompaniýasynyň enjamlary arkaly ýerine ýetirilýär. Bu enjam arkaly ýuwujy serişdeleriniň sagatda 5 tonnasyny gaplamak mümkinçiligi bardyr.

Kärhanada önümçilik işiniň gerimini giňeltmek maksady bilen, ýakyn geljekde suwuk görnüşli ýuwujy serişdelerini öndürmäge niýetlenen täze desgany gurmak göz öňünde tutulýar. 

2022