Niderlandlar Türkmenistan bilen ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Niderlandlar Türkmenistan bilen ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrýar
“Biziň Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn konstruktiw söwda gatnaşyklarymyz bardyr” diýip, Nederlandlaryň DIM-i beýan edýär.

Niderlandlaryň Türkmenistan bilen mundan beýläk hem ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga mümkinçiligi bardyr. Bu barada Niderlandlaryň Daşary işler ministrligine salgylanyp penşenbe güni “Trend” habar berdi.

“Biziň Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn konstruktiw söwda gatnaşyklarymyz bardyr” diýip, ministrlikde beýan edildi.

Türkmen-nederland gatnaşyklary, esasan-da oba hojalyk pudagyny öz içine alýar.

Häzirki wagtda birnäçe türkmen hususyýetçileri, şol sanda “Sahawatly” hojalyk jemgyýeti iri şahly mallary satyn almak boýunça, “Nurly meýdan” daýhan hojalygy dürli görnüşli bägüller bilen üpjün etmek boýunça Nederlandlaryň kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk saklaýar.

Beýleki bir tarapdan, Türkmenistan şu ýylyň maýynda bu ýurduň “Damen Shipyards Gorinchem” kompaniýasynyň wekilleri bilen gämi gurluşyk pudagyndaky taslamalar boýunça gepleşik geçirdi. 

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022