Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň bilelikdäki “Türkmenistanyň gurak sebitlerinde oba hojalygy bilen meşgullanýan ilatyň howanyň täsiri bilen bagly durmuş-ykdysady ýagdaýlarynyň durnuklylygyny üpjün etmek” atly taslamasynyň çäginde Lebap we Daşoguz welaýatlarynda birnäçe okuw maslahaty geçirildi.
“Neýtralnyý Türkmenistan” gazetiniň penşenbe güni habar bermegine görä, okuw maslahatynyň dowamynda Lebap we Daşoguz welaýatlarynda grant tekliplerini döretmek barada pikir alşyldy. Şeýle-de kiçi möçberdäki taslamanyň býujetini düzmek, ony durmuşa geçirmek hem-de durmuşa geçirilen taslamanyň netijeligini monitoring etmek boýunça çykyşlar diňlenildi.
Maslahatlarda pudaga agroinnowasiýalary girizmäge aýratyn üns berildi. Olaryň arasyna suw hasaba alyş, ýerleriň lazer planlaşdyrylyşy, örüde bakylýan maldarçylyk üçin Gün energiýasyndan peýdalanmak, suw toplaýjy desgalaryň gidrotehnikasyny döwrebaplaşdyrmak ýaly innowasiýalar girýär, diýlip habarda aýdylýar.
Bu prosese synag meýdançalarynda döredilen agromaglumat merkezleri hem goşuldy. Häzirki wagtda bu merkezleriň enjamlaşdyryş işleri dowam edýär, munuň üçin biznes meýilnamalar işlenip düzüldi. Merkezleriň işiniň netijeliligini artdyrmak maksady bilen, bilim edaraly bilen gatnaşyk gurmak we bu işe alymlary çekmek barada çözgüt kabul edildi.
Mini-grantlar oba hojalyk we suwdan peýdalanmak bilen bagly taslamalaryň durmuşa geçirilmegine ýardam berýär. Grantlar işiň umumy bahasynyň 20-40% ýerli daýhan hojalyklar we birleşikler tarapyndan maliýeleşdirmek şerti bilen bölünip berilýär.
Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň bilelikdäki taslamasy birnäçe ýyldan bäri durmuşa geçirilýär we indiki ýyl tamamlanar.