Türkmen işewürleri senagat zolagynda 70-e golaý önümçilik kärhanalaryny gurýarlar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen işewürleri senagat zolagynda 70-e golaý önümçilik kärhanalaryny gurýarlar
Ak bugdaý etrabynyň çäginde ýerleşýän senagat zolagynda önümçilik binalarynyň 69 sanysynda işler alnyp barlyp, olaryň 33 sanysynda gurluşyk işleri tamamlaýjy tapgyrlarda dowam edýär.

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde ýerleşýän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň senagat zolagynda dürli maksatly önümçilik binalarynyň 69 sanysynda işler alnyp barylýar. Olaryň 33 sanysynda gurluşyk işleri tamamlaýjy tapgyrlarda dowam edýär.

“Türkmenistan” gazetiniň penşenbe güni habar bermegine görä, senagat zolagynda ýene-de onlarça kärhanany gurmak meýilleşdirilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde senagat zolagyny döretmek baradaky Karara 2012-nji ýylyň ýanwar aýynda gol çekdi. Senagat zolagy 260 gektardan gowrak meýdany eýeleýär.

Ak bugdaý etrabyndaky ýerler oba hojalyk, gurluşyk we beýleki maksatlar üçin ýer bölegini peýdalanmak hukugyny berýän Döwletnamanyň esasynda, şeýle-de kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça Döwlet toparynyň çözgüdi bilen bölünip berildi.

Türkmenistanda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi 2008-nji ýylyň 17-nji martynda döredildi. 2009-njy ýylda bolsa, “Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda” Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça Döwlet maksatnamasy işlenip taýýarlandy hem-de bu babatda ýörite Döwlet topary döredilip, telekeçiligi goldamagyň ýerli düzümi kemala geldi.

2022