Türkmen kompaniýasy ýyladyşhanasynda banan ýetişdirmegi meýilleşdirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen kompaniýasy ýyladyşhanasynda banan ýetişdirmegi meýilleşdirýär
“Altyn tug” 12 gektara barabar bolan toplumynda pomidoryň 8 görnüşini, ýertudananyň 3 görnüşini, şeýle-de gyzyl we sary reňkli bolgar burçlaryny ýetişdirýär.

Daşoguz welaýatyň S.Nyýazow adyndaky etrabynyň çägindäki “Altyn tug” hususy kärhanasynyň ýyladyşhana toplumynda öndürilýän gök önümleriň görnüşini artdyrmak boýunça tehnologik işler alnyp barylýar.

“Bu ýerde geljekde banan ekiljek ýerleri taýýarlamak üçin agrotehniki çäreler geçirilýär” diýip, “Türkmenistan” gazeti anna güni habar berýär.

Häzirki wagtda umumy meýdany 12 gektara barabar bolan toplumyň 10 gektarynda pomidoryň 8 görnüşi, galan böleginde ýertudananyň 3 görnüşi, şeýle-de gyzyl we sary reňkli bolgar burçy ýetişdirilýär.

Şu ýyl ýyladyşhana toplumynda ýetişdirilen gök önümleriň 1000 tonnadan gowragy daşary ýurtlara eksport edildi. Ýurduň demirgazyk sebitiniň gök hem bakja önümçiliginde ygtybarly orun eýeleýän täze toplumda her hepdäniň dowamynda pomidoryň 20-25 tonnasy, ýertudananyň 400-450 kilogramy, bolgar burçunyň hem ýarym tonna golaýy ýygnalyp, sarp edijilere ugradylýar.

Şu ýylyň iýun aýynda Daşoguz welaýatyna amala aşyran iş saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Altyn tug” hususy kärhanasynyň ýyladyşhana toplumyna barypdy. Şonda türkmen Lideri kärhananyň ýolbaşçysyna bu ýerde ananasy, şeýle-de sitrus ekinlerini ýetişdirmek boýunça maslahat berdi.

2022