Russiýa Hazar deňzinde täze portuň gurluşygyny tassyklady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Russiýa Hazar deňzinde täze portuň gurluşygyny tassyklady
Häzirki wagtda Hazar deňzindäki rus portlarynyň ählisiniň kuwwaty 7.5 million tonnadan ybaratdyr.

Russiýa Hazar sebiti we beýleki sebitler bilen söwdasyny artdyrmak üçin Lagan şäheriniň golaýyndaky Kalmykiýa sebitinde port gurmagy meýilleşdirýär. Bu barada “Global Construction Review” (GCR) žurnaly duşenbe güni habar berdi.

Porty gurmak meýilnamasy 29-njy iýulda çap edilen Russiýa Federasiýasynyň sebit üçin resmi maksatnamalarynyň hataryna girizildi.

Täze Lagan porty konteýner terminalyndan we birnäçe oba hojalyk önümlerini saklamaga ukyby bolan desgalardan we ýüklemek üçin beýleki desgalardan, şol sanda 300,000 tonna däne saklamaga ukyply desgadan ybarat bolar. Beýleki terminallarda gök önümleriň, miweleriň we ösümlik ýaglarynyň daşalmagy ugrunda işler alnyp barlar.

Galla we konteýner terminallarynyň her biri 5 million tonna, suwuk ýük terminaly bolsa 500 müň tonna ýyllyk ýük geçiriş kuwwatyna eýe bolar.

Umuman alanyňda, port 12.5 million tonna ýük geçiriş kuwwatyna eýe bolar. Häzirki wagtda Hazar deňzindäki rus portlarynyň ählisiniň kuwwaty 7.5 million tonnadan ybaratdyr.

GCR-e görä, Russiýa Gara deňziň demirgazygynda Hazar deňzi bilen Azow deňziniň arasyndaky Wolga-Don kanalyndan has gysga ýoly üpjün etmek üçin gämi kanalyny gurmak mümkinçiligine hem seredýär.

“Lagan porty” paýdarlar jemgyýetiniň baş müdiri Witaliý Daginow mart aýynda geçirilen metbugat ýygnagynda portuň gara ýol we demir ýol geçelgeleri bilen bilelikde garaşylýan bahasynyň 1.6 milliard ABŞ dollaryndan ybarat boljakdygyny aýtdy.

2022