Türkmen himiýaçylary ýerli çig maldan antiseptiki serişdäni almagy başardylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen himiýaçylary ýerli çig maldan antiseptiki serişdäni almagy başardylar
Izopropil spirti lukmançylykda, kosmetologiýada, parfýumeriýada, hojalyk himiýasynda, awtoulaglar üçin aýna ýuwujy suwuklyk hökmünde, şeýle hem antifriz önümçiliginde ulanylýar.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň hünärmenleri çakyr we şeker önümçiliginiň galyndylaryndan organiki birleşmäni – izopropanoly (izopropil spirtini) almagyň tehnologiýasyny işläp taýýarladylar. Bu barada anna güni “Altyn asyr” elektron gazeti habar berýär.

Institutyň barlaghanasynyň müdiri Esger Annahanowyň düşündirmegine görä, izopropil spirti kuwwatly antiseptiki işjeňlige eýedir we etil spirtiniň ornuny tutujy hökmünde giňden ulanylýar.

Aşgabadyň Büzmeýin etrabyndaky Zyýansyzlandyryjy erginleri öndürýän kärhanada daşary ýurtlardan getirilýän izopropanol bu ýerde çykarylýan şahsy arassaçylyk serişdeleriniň esasy düzüm bölegi (70%) hökmünde ulanylýar.

Himik alymlar izopropil spirtini öndürmek üçin ýerli çig maly – ýurduň çakyr öndürýän kärhanalarynda buga öwrüp arassalamak işlerinde alynýan siwuha ýagyny ulanmagy teklip etdi.

Ylmy gözlegler we organiki maddanyň synag üçin öndürilişi Himiýa instituty, Zyýansyzlandyryjy erginleri öndürýän kärhana we Büzmeýin etrabynda ýerleşýän Çakyr öndürýän zawodyň arasynda baglaşylan üçtaraplaýyn şertnamanyň çäklerinde ýerine ýetirildi. Çig maly Marynyň şeker öndürýän zawody iberdi.

Ýerli çig mal ulanylanda zyýansyzlandyryjy serişdäniň özüne düşýän bahasynyň daşary ýurtlardan getirilýänlerden birnäçe esse arzandygy hasaplanyldy.

Synag usuly bilen alnan serişdeleriň dürli konsentrasiýasynyň birnäçe erginleri bakteriýalara garşy häsiýetlerini synamak üçin Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugyna iberildi.

Izopropil spirti lukmançylykda, kosmetologiýada, parfýumeriýada, hojalyk himiýasynda, awtoulaglar üçin aýna ýuwujy suwuklyk hökmünde, şeýle hem antifriz önümçiliginde ulanylýar.

Alymlar himiýa serişdelerini öndürýän türkmen kompaniýalary üçin täze tapyndynyň ýerlikli çig mal boljakdygyna garaşýarlar.

2022