Türkmenistanda Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň kärhanalary tarapyndan 2020-2021-nji okuw ýyly üçin mekdep bazarlary we göçme söwda nokatlarynyň 410 sanysy 10-njy awgustda müşderilere hyzmat edip başlady.
“Biznes reklama” gazetiniň habar bermegine görä, Aşgabatda 54, Ahal welaýaty boýunça 50, Balkan welaýaty boýunça 40, Mary welaýaty boýunça 134, şeýle hem Lebap welaýaty boýunça 79 we Daşoguz welaýaty boýunça 53 sany mekdep bazarlary we göçme söwda nokatlary müşderilere okuw eginbaşlarydyr esbaplaryny hödürleýär.
Mekdep bazarlarynda satuwy ýola goýulýan harytlaryň arasynda Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň we türkmen telekeçileriniň öndüren önümleriniň dürli görnüşleri has agdyklyk edýär.
Mekdep bazarlary birnäçe ýyldan bäri her ýylyň awgust aýynda gurnalyp, sentýabr aýynyň başyna çenli dowam edip gelýär. Ýaşyl we ak köýnekler, tahýalar, dürli görnüşli mekdep torbalary, depderdir gündelikler we beýleki mekdep esbaplary bu bazarlaryň esasy harytlary bolup durýar.