Türkmenistanyň banklary “internet banking” hyzmatyny hödürleýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň banklary “internet banking” hyzmatyny hödürleýär
Türkmenistanyň banklary öz ulgamlarynda “Internet banking” hyzmatlaryny hödürleýär.

Amallary ýeňilleşdirmegiň, şeýle-de müşderileriň plastik kart ulanyşyny artdyrmagyň gerimini giňeldýän Türkmenistanyň banklary öz ulgamlarynda “Internet banking” hyzmatlaryny hödürleýär.

Türkmen metbugatynda bildirişleri arkaly hyzmatlaryny yzygiderli hödürleýän banklar duşenbe günki çap edilen gazetleriň birnäçesinde hem internet arkaly ýerine ýetirilýän amallary bilen tanyşdyrdylar.

“Rysgal” gazetinde çap edilen bildirişe görä, “Rysgal” paýdarlar täjirçilik banky müşderilerine kompýuterler we telefonlar arkaly öz hasaplarynyň arasynda pul serişdelerini geçirmegi hödürleýär. Ulanyjylar bankyň müşderilerine, şeýle hem beýleki banklaryň müşderilerine tölegleri geçirmek amallaryny hem ýerine ýetirilip bilýärler.

“Rysgal” bankynyň “Internet banking” hyzmatyndan peýdalanýan müşderilerine adatça köp ulanylýan töleg tabşyryklarynyň görnüşleriniň nusgasyny hem-de şol nusgalaryň esasynda täze töleg tabşyryklaryny döretmek mümkinçiligi hem elýeterli edilýär.

Şeýle-de “Rysgal” işleşýän taraplaryň maglumatnamasyny ýöretmek, müşderiniň öz hasaplary boýunça galyndylaryny we hereketlerini görmek hem-de çap etmek, karzlaryň we depozitleriň töleg tertibini görmek, bank tarapyndan iberilýän habarnamalary almak we bank bilen habarlaşmak ýaly hyzmatlary internet arkaly ýerine ýetirmegi ýola goýdy.

Bank hyzmatyndan peýdalanmak üçin “Rysgal” PTB-niň müşderisi bolmaly we bankyň resmi saýtynda ýerleşdirilen bankda ýuridik şahslara we hususy telekeçilere menzilara bank hyzmatlaryny bermek hakynda Düzgünnama bilen tanyşmaly hem-de degişli arzany dolduryp tabşyrmaly.

“Rysgal” gazetiniň duşenbe günki sanynda, şeýle-de “Halkbank” döwlet täjirçilik banky öz “Internet banking” hyzmatyny hödürleýär.

“Halkbank”-yň internet hyzmaty arkaly müşderiler kart hasabyndaky galyndyny barlamaga, karzlarynyň esasy bergisini gaýtarmaga hem-de onuň hasaplanan göterimlerini tölemäge mümkinçilik alýarlar.

Galyberse-de, bankdan peýdalanýanlar ykjam we öý telefonlaryň hasabyny doldurmak, IP teleýaýlymlarynyň we Internet ulgamynyň töleglerini geçirmek we hasaplar boýunça bolup geçen amallaryň senesini görmek ýaly hyzmatlary ulanyp bilýärler.

Bu hyzmatdan peýdalanmak üçin ilki bilen, “Halkbank” DTB-niň saýtyna girip, “Internet-banking” penjiresinden “Hasaba almak” sahypasynda pasport we bank kartynyň maglumatlaryny girizmeli we ulgamda özbaşdak hasaba durmaly. Ykjam telefona iberilen şahsy belgi we açarsözi girizip, bu hyzmatdan peýdalanmaga başlamaly.

Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik bankynyň “Biznes reklama” gazetinde çap edilen bildirişinde “Internet banking” hyzmatyndan peýdalanmak üçin bu banka ýüz tutulmalydygyny aýdýar.

Türkmen-Türk PTB-niň şu hyzmatyndan peýdalanýanlar bankyň hödürleýän “Mobilbank” hyzmatyny ulanyp, bank amallaryny ýörite programma arkaly has amatly we döwrebap görnüşde ýerine ýetirip bilýär.

Türkmen-Türk bankynyň internet hyzmatlary arkaly ýurduň çäginde bank hasaplarynyň galyndylaryny we hereketlerini, ipoteka we beýleki bank karzlaryny hem-de olaryň göterimlerini görmek bolýar.

Şeýle-de “Altyn Asyr” öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň, şäher telefon ulgamynyň, IP-TV (AŞTU) we internet (AŞTU) hyzmatlarynyň töleglerini geçirip bolýar. Bank kart amallarynyň göçürmesini hem hyzmat arkaly almak mümkindir.

Häzirki wagtda Türkmenistanda hereket edýän banklar müşderileri höweslendirmek üçin “Cash back” we “Overdraft” ýaly bank hyzmatlaryny hem hödürleýärler.

2022