Ysraýylyň zergärçilik kompaniýasy $1.5 millionlyk altyn maska ýasaýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ysraýylyň zergärçilik kompaniýasy $1.5 millionlyk altyn maska ýasaýar
18 karatlyk ak altyndan ýasalan maska 3600 ak we gara göwher bilen bezeler. (Surat: "AP")

Ysraýylyň zergärçilik bilen meşgullanýan “Yvel” kompaniýasy koronawirusdan gorajak altyn we brilliant daşlary bilen bezelen maskany ýasamakçy. Kompaniýa görä, onuň bahasy 1.5 million ABŞ dollary bolup, ol dünýädäki iň gymmat örtük adyny alar. Bu barada “Associated Press” ýekşenbe güni habar berýär.

Kompaniýanyň ýolbaşçysy we dizaýneri Isak Lewi 18 karatlyk ak altyndan ýasalan maskanyň 3600 ak we gara göwher bilen bezeljekdigini we alyjynyň haýyşy boýunça iň ýokary derejeli N99 süzgüçleriniň oturdyljakdygyny aýtdy.

Lewi ABŞ-da ýaşaýan alyjysy hytaýly işewüriň ýene iki talabynyň bardygyny, ýagny, maskany ýylyň ahyryna çenli tamamlanyp, onuň dünýäde iň gymmat bolmalydygyny aýtdy. Bu soňky şerti “ýerine ýetirmek iň aňsady” diýip, zergär sözüniň üstüni ýetirdi.

Lewi özüniň örtügi dakmajakdygyna garamazdan, bu pursat üçin minnetdardygyny aýtdy.

“Bu maskanyň işgärlerimize häzirki döwür ýaly kyn günlerde iş bilen üpjün edip bilmekleri üçin ýeterlik mümkinçilik berendigine begenýärin” diýip, Lewi belledi.

Maskanyň umumy agramy 270 gram bolup, ol adaty agyz-burun örtüklerinden takmynan 100 esse agyrdyr.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022