Türkmen kompaniýasy maldarçylyk toplumynda geçi süýdüniň möçberini artdyrýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen kompaniýasy maldarçylyk toplumynda geçi süýdüniň möçberini artdyrýar
“Sahabatly” hojalyk jemgyýetniň maldarçylyk toplumy 2014-nji ýylda açylyp ulanylmaga berildi.

“Sahabatly” hojalyk jemgyýetiniň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çäginde ýerleşýän döwrebap maldarçylyk toplumynda “Zaanen” şweýsar tohumy bolan geçileriň 450-ä golaýy hem-de iri şahly mallaryň 400-e golaýy idedilýär we ösdürilip ýetişdirilýär.

“Ahal durmuşy” gazetiniň duşenbe güni habar bermegine görä, häzirki wagtda maldarçylyk toplumynda saklanylýan geçileriň her birinden günde ortaça 2 litr süýt alynýar.

“Toplumyň sagym bölüminde birbada 32 sygry sagmak mümkinçiligi bolan mehanizmleşdirilen sagym enjamy bardyr” diýlip, habarda aýdylýar.

Habarda bellenilşi ýaly, häzirki wagtda maldarçylyk toplumynda saklanýan sygyrlardan her günde 7 tonna süýt saglyp alynýar we şol süýt önümçilik bölüminde senagat usulynda gaýtadan işlenilýär.

Toplumyň hünärmeni Mekan Minýasowyň aýtmagyna görä, pasterizirlenen geçi süýdüne häzirki wagtda isleg örän ýokarydyr. “1 litr göwrümli gaplara gaplanan bu önümler ilat arasynda uly meşhurlyk gazandy”.

“Paýtagt”, “Dilim” haryt nyşanly peýnirleriň, 400 gramlyk gaplardaky gaýmakdyr süzmäniň, 1 litrlik we 500 millilitr agramdaky gatygyň dürli görnüşlerine ilat arasynda isleg bildirilýär.

“Sahabatly” hojalyk jemgyýetiniň maldarçylyk toplumy 2014-nji ýylda açylyp ulanylmaga berildi. Ýylda 2 müň tonna süýt we süýt önümlerini hem-de 30 tonna et önümlerini öndürmäge mümkinçiligi bolan bu toplum 9 gektar ýeri eýeleýär. Onuň ýorunja, mekgejöwen, arpa we beýleki iýmlik ekinlerini ýetişdirmäge niýetlenen ekerançylyk meýdany 400 gektary tutýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022