Türkmenistan we Katar ýokary derejeli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny nygtadylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan we Katar ýokary derejeli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny nygtadylar
Türkmenistanyň we Kataryň DIM-niň ýolbaşçylary iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykandygyny belläp geçdiler.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow duşenbe güni Kataryň Premýer-ministriniň orunbasary, Daşary işler ministri Şeýh Mohammed bin Abdulrahman Al Taniniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

Söhbetdeşligiň barşynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlary boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini nygtadylar. Iki ýurduň we halklaryň giň gerimli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga bolan ygrarlylyklary bellenildi.

Taraplar Türkmenistanyň hem-de Kataryň arasyndaky gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykandygyny belläp geçdiler. Bar bolan köpugurly kuwwaty nazara almak bilen, uzak möhlete gönükdirilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi barada gyzyklanma bildirilen pikir alyşmalar boldy.

Iki ýurduň DIM-leriniň ýolbaşçylary bilelikdäki Hökümetara toparyň ozal gazanylan ylalaşyklaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine, söwda-ykdysady ulgamda netijeli hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge hem-de giňeltmäge, işewürlik gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, maýa goýum işjeňligini höweslendirmäge ýardam edýändigini bellediler.

Koronawirus pandemiýasynyň garşysyna bilelikdäki hereketleriň utgaşdyrylmagy bilen bir hatarda, derwaýys sebit hem-de halkara meselelerine hem seredilip geçildi. Türkmenistanyň we Kataryň DIM-niň ýolbaşçylary çylşyrymly umumydünýä ýagdaýlarynyň nazarda tutulmagy bilen, ylmy diplomatiýanyň netijeli gurallarynyň hemmetaraplaýyn ýaýbaňlandyrylmagynyň wajyp häsiýete eýe bolýandygyny belläp geçdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Kataryň Emiri Şeýh Tamim Bin Hamad Al Taniniň arasynda 29-njy iýulda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirip, onda ikitaraplaýyn syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary boýunça pikir alşypdylar.

Şu ýylyň mart aýynyň başynda hem Raşid Meredow Doha şäherinde Şeýh Mohammed bin Abdulrahman Al Tani bilen duşuşypdy.

2022