Hytaý–Merkezi Aziýa ugry boýunça gatnaýan ýük otlularynyň sany köpelýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Hytaý–Merkezi Aziýa ugry boýunça gatnaýan ýük otlularynyň sany köpelýär
2020-nji ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda hytaý-gazak serhedindäki Horgos demir ýol barlag goýberiş nokadynyň üstünden daşalan ýüküň möçberi 3.3 million tonna barabar boldy.

Şu ýylyň ilkinji ýedi aýynda Hytaý–Ýewropa we Hytaý–Merkezi Aziýa demir ýol ugurlary boýunça Hytaýyň Sinszýan-Uýgur awtonom welaýatynda ýerleşýän Horgos barlag goýberiş nokadynyň (BGN) üsti bilen 2,240 sany ýük otlusy geçdi. Bu barada Hytaýyň “Sinhua” habar agentligi geçen şenbe güni habar berdi.

2020-nji ýylyň ýanwar-iýul aýlary aralygynda Hytaý bilen Gazagystanyň serhedindäki Horgos demir ýol barlag goýberiş nokadynyň üstünden daşalan ýüküň möçberi 3.3 million tonna barabar boldy. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 55.37% ýokarydyr, diýip BGN-niň maglumatynda aýdylýar.

Ýedi aýyň dowamynda Hytaýdan Horgos BGN-niň üstünden 1,974 sany ýük otlusy çykdy. Ýük otlularynda esasan-da, egin-eşik, elektronika, elektro-mehaniki önümler, şeýle hem himiýa senagat önümleri daşaldy diýip, habarda aýdylýar.

Ýewropadan we Merkezi Aziýadan degişli döwürde demir ýol ugurlary boýunça Horgos BGN-niň üstünden Hytaýa umumy möçberde 266 sany ýük otlusy girdi. Ýük otlularynda Hytaýa nah ýüplükler, gurluşyk materiallary, ulag serişdeleri we awtomobil şaýlary getirildi.

Horgos BGN-si şu ýylyň iýul aýynda Hytaý-Ýewropa ugry boýunça gelýän 495 sany ýük otlusyna hyzmat etdi.