“Merkezi Aziýa+Ýaponiýa” formatyndaky maslahatda COVID-19-a garşy göreşe üns çekildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Merkezi Aziýa+Ýaponiýa” formatyndaky maslahatda COVID-19-a garşy göreşe üns çekildi
“Merkezi Aziýa+Ýaponiýa” formatynda geçirilen onlaýn maslahata Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ählisiniň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. (Surat: Gyrgyz DIM-i)

Wideokonferensiýa görnüşinde sişenbe güni “Merkezi Aziýa+Ýaponiýa” Dialogynyň daşary işler ministrleriniň mejlisi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

Ýaponiýanyň DIM-niň howandarlygynda geçirilen duşuşyga Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ählisiniň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Işjeň ýagdaýda geçirilen gepleşikleriň çäklerinde ýokary wezipeli diplomatlar sebitleýin hyzmatdaşlygyň meselelerini, şeýle-de MA ýurtlarynyň we Ýaponiýanyň arasyndaky sazlaşykly özara hereketleriň global derejede koronawirus ýokanjynyň ýaýran döwründe has hem işjeňleşdirilendigini ara alyp maslahatlaşdylar.

Çykyşlaryň dowamynda gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça bilelikdäki ösüş, raýdaşlyk we hemmetaraplaýyn goldaw bermek ýörelgelerine daýanýan köpugurly gatnaşyklaryň bu formatynyň netijeli häsiýeti aýratyn bellenildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ministrler derejesinde onlaýn-duşuşygy guramak baradaky başlangyjy üçin Ýaponiýanyň DIM-niň ýolbaşçysyna minnetdarlygyny beýan edip, mejlisiň aýratyn derwaýyslygyny nygtady. “2004-nji ýylda “Merkezi Aziýa+Ýaponiýa” Dialogynyň döredilen pursadyndan bäri köptaraply özarahereketleriň bu formaty düýpli ösüşe eýe boldy”.

“Şu formatyň çäklerindäki ara alyp maslahatlaşmalaryň tematikasy giňeldi we bu günki günde ol halkara hem-de sebitleýin howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň üpjün edilmeginiň, netijeli söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwerlik ulgamynda işjeň gatnaşyklar üçin oňyn şertleriň döredilmegi ýaly derwaýys meseleleriň giň toplumyny gurşap alýandyr” diýip, türkmen ministri belledi.

Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy dünýä jemgyýetçiliginiň täze ýokanjyň garşysyna göreş alyp barýan häzirki şertlerinde daşary işler ministrleriniň nobatdaky mejlisi dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaý hem-de ony ýeňip geçmegiň mümkingadar ýollary dogrusynda pikir alyşmak üçin giň mümkinçilikleri döredýändigini aýtdy.

Türkmen tarapy “Merkezi Aziýa+Ýaponiýa” Dialogynyň çäklerinde ýokanjyň täze görnüşine garşy göreşmekde gatnaşyjy-döwletleriň raýdaşlyk hereketleriniň esasy ýörelgelerini hem-de ýokanç tarapyndan ýüze çykarylýan keselleriň öňünden duýdurylmagyna we bejergisine gönükdirilen takyk çäreleri özünde jemleýän Maksatnamalaýyn resminamanyň işlenilip düzülmeginiň zerurlygy dogrusyndaky başlangyç bilen çykyş etdi. 

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy ýapon tarapyna Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Ösüş maksatlarynda resmi kömek maksatnamasynyň çäklerinde lukmançylyk ulgamyndaky grant taslamasyny üpjün etmäge taýýarlygy üçin minnetdarlygyny beýan etdi.

Mejlisiň çäklerinde ministrler, şeýle-de “Merkezi Aziýa+Ýaponiýa” Dialogynyň öňde duran 8-nji mejlisiniň gün tertibi dogrusynda hem pikir alyşdylar. Bu ugurda birnäçe resminamalaryň işlenilip düzülmeginiň mümkinçiliklerine seredildi.

2022