Polşa transport pudagynda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmekçi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Polşa transport pudagynda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmekçi
Polşanyň PKP LHS kompaniýasy 2017-nji ýylyň iýun aýynda Halkara transhazar transport geçelgesi taslamasyna goşuldy.

Polşa Türkmenistan bilen transport pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek barada gyzyklanma bildirýär. Bu barada “Trend” Polşanyň Daşary işler ministrligine salgylanyp, çarşenbe güni habar berýär.

Polşanyň DIM-i ulag pudagynyň ösüşiniň ähmiýeti barada durup geçip, munuň Hytaýdan gelýän harytlaryň Ýewropa Bileleşiginiň bazarlaryna getirilmegini ýeňilleşdirmek nukdaýnazaryndan möhümdigini aýtdy.

Daşary işler ministrliginiň habaryna görä, Hytaýyň dünýä söwdasyndaky ýeri Polşa bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin mümkinçilikler açýar.

Polşa tarapy Halkara transhazar transport geçelgesiniň (HTTG) Polşa bilen Türkmenistanyň arasynda ulag hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin esas bolup durýandygyny beýan edýär.

“Biz bu platformany durmuşa geçirmäge sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Esasan-da Polşanyň PKP LHS kompaniýasy 2017-nji ýylyň iýun aýynda HTTG-e goşulmagy uly gyzyklanma döretdi” diýip, Polşanyň daşary syýasat edarasy belledi.

Şeýle-de Polşanyň DIM-i ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýurtlaryň arasyndaky haryt dolanyşygyny artdyrmaga mümkinçilikleri döredýändigini aýtdy.

2022