Aşgabat bilen Kabul üstaşyr geçirijiler we ulag geçelgesi barada maslahatlaşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabat bilen Kabul üstaşyr geçirijiler we ulag geçelgesi barada maslahatlaşdy
Türkmenistan we Owganystan TOPH gaz geçirijisiniň, TOP elektrik geçiriji ugrunyň we “Lapis-Lazuli” ulag geçelgesiniň durmuşa geçirilişiniň depgini boýunça pikir alyşdylar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow çarşenbe güni Owganystan Yslam Respublikasynyň Merkezi Bankynyň Başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi Ajmal Ahmadi bilen gepleşik geçirdi.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, wideokonferensiýa görnüşinde geçirilen gepleşigiň gün tertibine hyzmatdaşlygyň özara gyzyklanma döredýän ähli ugurlary boýunça birek-birek üçin bähbitli gatnaşyklaryň giňeldilmegi we pugtalandyrylmagy girizildi.

Iki ýurduň wekiliýetleriniň dürli meýdançalarda geçiren duşuşyklarynyň netijeliligini hem-de derwaýyslygyny aýratyn nygtamak bilen, taraplar Türkmenistanyň we Owganystanyň oňyn hyzmatdaşlygyny mundan beýläk hem dowam etmäge özara taýýarlyklaryny beýan etdiler.

Hususan-da, söhbetdeşler goňşy Owganystanyň dünýäniň durnuklylyk ulgamyna köpugurly integrirlenmegine gönükdirilen köptaraplaýyn we ikitaraplaýyn taslamalaryň durmuşa geçirilişiniň has hem işjeňleşdirilmeginiň zerurlygyna üns çekdiler.

Bu ugurda taraplar Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň we Türkmenistan–Owganystan–Pakistan (TOP) elektrik geçiriji ugrunyň gurluşygynyň, “Lapis-Lazuli” ulag geçelgesiniň, şonuň ýaly-da beýleki taslamalaryň durmuşa geçirilişiniň depgini boýunça pikir alyşdylar.

“Sebitleýin ähmiýete eýe bolan bu taslamalar Owganystanyň çäginden üstaşyr geçirmek arkaly Günorta Aziýa ýurtlaryna elektrik energiýasynyň eksport edilmegi üçin mümkinçiliklerini döredýär we bitewi logistika merkezi bilen utgaşdyrylan ulag-üstaşyr geçelgeleriniň ugrunyň giňeldilmegi üçin zerur şertleri döredýär” diýip, habarda beýan edilýär.

Gepleşige gatnaşyjylar ýokarda görkezilen taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň tutuş sebitiň durnukly ykdysady ösüşine itergi bermek bilen, durmuş we ynsanperwer häsiýetli meseleleriň oňyn çözgüdine, parahatçylygyň we howpsuzlygyň pugtalandyrylmagyna ýardam berýändigini aýratyn nygtadylar.