Aşgabat bilen Sankt-Peterburg gämi gurluşyk pudagynda hyzmatdaşlygy ýola goýýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabat bilen Sankt-Peterburg gämi gurluşyk pudagynda hyzmatdaşlygy ýola goýýar
Aşgabat bilen Sankt-Peterburg gämi gurluşygy boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada Ähtnama gol çekmek barada ylalaşdy.

Russiýanyň Sankt-Peterburg şäheriniň Daşary gatnaşyklar komitetiniň başlygynyň orunbasary Andreý Hlutkow bilen “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň başlygynyň orunbasary Annadurdy Kösäýewiň arasynda onlaýn gepleşikleri geçirildi. Bu barada penşenbe güni Daşary gatnaşyklar komitetiniň metbugat gullugy habar berdi.

Gepleşigiň barşynda taraplar gämi gurluşyk pudagynda gatnaşyklaryň gerimini giňeltmek mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.

Taraplar Türkmenbaşy porty bilen Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän Russiýanyň portlarynyň arasynda täze logistika ýollaryny açmak, şeýle hem iki ýurduň gämi gurluşyk kärhanalarynyň arasynda senagat hyzmatdaşlygynyň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar.

Onlaýn gepleşikleriň netijesinde “Birleşen gämi gurluşyk korporasiýasy” paýdarlar jemgyýeti bilen Türkmenistanyň “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek barada Ähtnama gol çekmek barada ylalaşyldy.

2020-nji ýylyň 1-nji çärýeginde Sankt-Peterburg şäheriniň Türkmenistan bilen söwda dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 78.2% ýokarlanyp, $2.6 milliona barabar boldy.