Türkmenistanda diplomatik işini tamamlaýan italýan ilçisi Türkmen DIM-de kabul edildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda diplomatik işini tamamlaýan italýan ilçisi Türkmen DIM-de kabul edildi
Italiýanyň Ilçisi Diego Ungaro bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow arasynda 2019-nji ýylyň sentýabr aýyndaky geçen duşuşyk (Surat: Italiýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy)

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde penşenbe güni ýurtda diplomatik wezipesini tamamlaýan Italiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Diego Ungaro bilen hoşlaşyk duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

Duşuşygyň başynda türkmen tarapy diplomatyň işlän döwründe hyzmatdaşlygynyň dürli ulgamlarynda türkmen-italýan gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna goşan ähmiýetli goşandyna ýokary baha berdi.

Italýan diplomaty öz gezeginde işlemek üçin döredip beren ähli mümkinçilikleri hem-de Ilçihananyň işine beren hemmetaraplaýyn hemaýatlary dogrusynda ýurduň ýolbaşçylaryna çuňňur minnetdarlygyny bildirdi.

Taraplar syýasy-diplomatik gatnaşyklarynyň berkidilmegi barada hem aýratyn belläp geçdiler. Şeýle hem iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwerlik ulgamlaryndaky gatnaşyklary ösdürmek ýaly derwaýys meseleleriň ençemesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmen tarapy ilçä Türkmenistanyň hem-de Italiýanyň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrundaky köpugurly işleri üçin minnetdarlyk bildirip, onuň geljekki işlerinde täze rowaçlyklary arzuw etdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022