Hytaýyň ýolagçy awtobuslary öndürýän “Yutong” kompaniýasynyň täze kärhanasy Gazagystanyň Karaganda sebitiniň Saran şäherinde açylar. Öňki rezin önümler zawodynyň ýerinde işlediljek kärhana şu ýylyň dekabr aýynda önümçilige başlar.
Täze açyljak kärhana bilen bilelikde Saran şäherinde tutuş senagat zolagy janlanar. Bu barada Gazagystanyň Senagat we infrastruktura ösüş ministrliginiň metbugat gullugy duşenbe güni habar berýär.
Umumy maýa goýum 37.7 million amerikan dollaryndan ybarat bolan taslamany durmuşa geçirmek üçin “QazTehna” AO SPK “Saryarka” we “Yutong” kompaniýasynyň gatnaşmagynda bilelikdäki kärhana döredildi.
Kärhana ýylda 1200 töweregi awtobus öndürmegi meýilleşdirýär. Bu birinji tapgyrynda Gazagystanyň könelişen jemgyýetçilik ulaglaryna täsir etmäge mümkinçilik berer.
Bilermenleriň pikiriçe, häzirki wagtda ýurtda awtobuslaryň umumy sany 12,505 bolup, olaryň 50% -den gowragy könelişen.
“Yutong” dünýäde iň uly ýolagçy ulag tehnikalaryny üpjün ediji kompaniýa bolup, dünýäniň segment bazaryndaky paýyň 15% we Hytaý bazaryndaky paýy 37% degişlidir. “Yutong” awtobuslarynyň ýyllyk satuwy 70 müň, täze elektrik awtobuslarynyň görkezijileri bolsa ýylda 25 müňe deň.
Mundan başga-da, Sarandaky kärhanada ýol gurluşyk we ýük awtoulaglary öndüriler. Täze tehnikalar Gazagystanyň senagat we magdan kompaniýalarynyň arasynda uly isleg bildirilýär. Kärhana ýylda takmynan 400 ýörite enjam öndürmegi meýilleşdirilýär.
Senagat zolagynyň çäginde taslamalaryň durmuşa geçirilmegi içerki hünärmenler üçin (degişli pudaklary göz öňünde tutup) 600 sany täze iş orunlaryny döreder.