Mekdep bazary internet dükanlarynda hem gyzyşýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Mekdep bazary internet dükanlarynda hem gyzyşýar
“Galam” we “Globus” dükanlarynda tölegler nagt we nagt däl görnüşde kabul edilýär.

Häzirki okuw esbaplarynyň söwdasynyň gyzyşýan günlerinde Türkmenistanda birnäçe mekdep harytlaryny satýan dükanlar onlaýn hyzmatlary hödürleýär.

“Rysgal” gazetiniň duşenbe güni habar bermegine görä, “Galam” hem-de “Globus” dükanlary öz saýtlarynda internet söwdasyny ýerine ýetirýär.

Ýurtda 14 ýyldan bäri hereket edip gelýän mekdep harytlarynyň, kitaplaryň, sungat harytlarynyň, ýadygärlik we sowgatlyk harytlarynyň iri dükanlarynyň biri bolan “Galam” internet dükany bilen hyzmat edýär.

Harytlar “Berkarar” söwda-dynç alyş merkezindäki we “Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy” söwda merkezindäki “Galam” dükanlaryndan müşderilere ýetirilýär.

Şeýle-de “Globus” dükanynyň ýaňy-ýakynda täze işe girizilen internet dükany alyjylara söwdanyň aňsat görnüşini hödürlemäge başlady.

Bu ýerde meşhur öndürijileriň mekdep okuwçylary we edara işgärleri üçin niýetlenen harytlarynyň ýüzlerçe görnüşleri hödürlenilip, olaryň sany yzygiderli artdyrylýar. Buýurmalar “Berkarar” söwda-dynç alyş merkezindäki we “Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy” söwda merkezindäki “Globus” dükanlaryndan müşderileriň salgysyna ýetirilýär.

Dükanlaryň ikisinde hem tölegler nagt we nagt däl görnüşde kabul edilýär.

2022