“Abak” kompaniýasy öz maldarçylyk hojalygynda sygyrlaryň baş sanyny artdyrýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Abak” kompaniýasy öz maldarçylyk hojalygynda sygyrlaryň baş sanyny artdyrýar
Häzirki wagtda fermada simmental tohumly sygyrlar ýetişdirilýär.

“Abak” hojalyk jemgyýetine degişli maldarçylyk hojalygynda häzirki wagtda göleleriň 230-dan, uly sygyrlaryň 420- den gowragy idedilýär. Bu ferma Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň S.A.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginiň çäginde ýerleşýär.

“Türkmenistan” gazetiniň sişenbe güni habar berişi ýaly, fermer hojalygyny döretmek üçin bölünip berlen 200 gektar meýdanyň 5 gektarynda dürli hojalyk jaýlary ýerleşýär, onuň 195 gektary ot-iýmlik ekinleri ýetişdirmek üçin niýetlenendir.

Maldarçylyk hojalygynyň sagym geçirilýän binasynda ýörite awtomatlaşdyrylan sagym tehnologiýasy esasynda bir wagtda 20-ä golaý sygyr sagylýar. Fermada jemi 215-den gowrak sagylýan sygyrlar idedilip, olaryň her biri günüň dowamynda ortaça 18–20 litre barabar süýt berýär.

Häzirki wagtda fermada simmental tohumly sygyrlar ýetişdirilýär.

Olaryň ilkinji tapgyry, has takygy ýokary süýt berijiligi bilen tapawutlanýan naýbaşy tohumly sygyrlaryň 66-sy 2018-nji ýylda Ukrainadan getirildi. 2019-njy ýylda ýene-de 350 sygyr satyn alyndy.

2022