Dokma senagaty ministrliginiň birnäçe kärhanalary paýdarlar jemgyýetlerine öwrüler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Dokma senagaty ministrliginiň birnäçe kärhanalary paýdarlar jemgyýetlerine öwrüler
Taslama “Röwşen” hususy kärhanasynyň gatnaşmagynda amala aşyrylar.

Anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň barşynda wise-premýer Çary Gylyjow hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň birnäçe kärhanalaryny paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek barada beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Bu barada TDH habar berýär.

“Şu maksat bilen hususylaşdyrylmaga degişli desgalaryň sanawyna seljerme geçirildi we şolaryň hatarynda Marynyň gön zawody we Bäherdeniň tikin fabrigi bar” diýip, wise-premýer belledi.

Onuň aýtmagyna görä, Marynyň gön zawodynda enjamlaryň könelmegi bilen baglylykda, onuň kuwwatynyň 30 göterim derejesinde ulanylýandygyny habar berdi. Şunuň bilen baglylykda, kärhananyň durkuny täzelemek, aýakgap tikmek boýunça bölümi işe girizmek göz öňünde tutulýar.

Taslamany “Röwşen” hususy kärhanasynyň we Dokma senagaty ministrliginiň Marydaky gön zawodynyň gatnaşmagynda amala aşyryljakdygy nygtaldy.

Gylyjow Bäherdeniň tikin fabriginiň çykarýan önümlerini döwrebaplaşdyrmak we sanawyny giňeltmek maksady bilen, ony Dokma senagaty ministrliginiň we hususy pudagyň paýly gatnaşygynda açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine öwürmegiň meýilleşdirilýändigini belledi.

Döwlet emlägini hususylaşdyrmagyň ykdysady netijeleri ýurdumyzda döwrebap özgertmeleriň mundan beýläk-de ilerledilmegine ýardam etmäge gönükdirilendigini belläp, döwlet Baştutany wise-premýere bellenilen meýilnamalary üstünlikli durmuşa geçirmek üçin ähli tagallalary etmegi tabşyrdy.