“Halkbank” nagt däl hasaplaşyklary ýeňilleşdirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Halkbank” nagt däl hasaplaşyklary ýeňilleşdirýär
“Halkbank terminal” applikasiýasy bilen islendik smartfon goşmaça enjamlar zerurlygy bolmazdan POS terminalyna öwrülýär.

“Halkbank” döwlet täjirçilik banky täze “Halkbank terminal” atly applikasiýasyny işe girizmäge taýýarlanýar. Bu barada anna güni TDH agentligi habar berdi.

Täze applikasiýa söwda we hyzmat ediş kärhanalarynda tölegler geçirilýän POS terminallaryny çalşar. Applikasiýany smartfonyňa ýükläp, harytlaryň we hyzmatlaryň töleglerini nagt däl usuly bilen çalt we aňsat usulda amala aşyryp bolýar.

“Halkbank”-yň bu applikasiýasy söwda we hyzmat ediş nokatlarynda nagt däl tölegleriň gerimini giňeltmek maksady bilen işlenilip düzüldi.

“Halkbank terminal” applikasiýasy bilen islendik smartfon goşmaça enjamlar zerurlygy bolmazdan POS terminalyna öwrülýär. Olarda nagt däl hasaplaşyklaryň ählisini amala aşyryp bolýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022