Daşary ýurtly işewürleriniň türkmen dokma önümlerine bolan islegi artýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Daşary ýurtly işewürleriniň türkmen dokma önümlerine bolan islegi artýar
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 35-si hasaba alyndy.

Geçen hepdede manat serişdelerine Kanadanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Gazagystanyň hem-de Pakistanyň işewürleri jemi bahasy 4 million 217 müň manatlykdan gowrak nah ýüplügi satyn aldylar. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” elektron gazeti şenbe güni habar berdi.

Daşary ýurt puluna Owganystanyň işewürleri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen suw bilen arassalanan dizel ýangyjyny hem-de Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen nebit bitumyny satyn aldylar.

Şeýle hem Russiýanyň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Ukrainanyň we Gyrgyzystanyň işewürleri tüýjümek önümleri hem-de nah ýüplükleri satyn aldylar. Şunda geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 4 million 895 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 3 million 35 müň manatlykdan gowrak ýokary dykyzlykdaky polietileni, pagta süýümini, pagta lintini satyn aldylar.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 35-si hasaba alyndy.

2022