Türkmenistan BAE bilen “EKSPO-2020”-ä gatnaşmak meselelerini maslahatlaşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan BAE bilen “EKSPO-2020”-ä gatnaşmak meselelerini maslahatlaşdy
Türkmenistan “EKSPO-2020”-ni indiki ýyla geçirmek barada Birleşen Arap Emirlikleriniň öňe süren teklibini goldapdy.

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň wekilleri Dubaý şäherinde geçiriljek “EKSPO-2020” Bütindünýä sergisiniň guramaçylyk komitetiniň ýolbaşçylary bilen duşenbe güni geçirilen onlaýn gepleşiklere gatnaşdylar. Bu barada TDH habar berýär.

Gepleşikleriň barşynda Bütindünýä forumyny geçirmek bilen baglanyşykly guramaçylyk meseleleri maslahatlaşyldy. Ozal dünýäde emele gelen epidemiologiýa ýagdaýyny nazara alyp, Türkmenistan “EKSPO-2020”-ni indiki ýyla geçirmek barada Birleşen Arap Emirlikleriniň öňe süren teklibini goldapdy.

Ýurdumyzyň Dubaý şäherinde geçiriljek “EKSPO-2020”-ä gatnaşmagynyň gyzyklanma bildirýän ähli taraplar bilen hyzmatdaşlygyň geriminiň giňeldilmegine, Türkmenistanda öndürilýän harytlaryň daşarky bazarlara işjeň çykarylmagyna, şeýle hem dürli ugurlarda öňde baryjy dünýä tejribesi bilen tanyşmaga ýardam etjekdigi bellenildi.

Gepleşiklerde taraplar özara bähbitli gatnaşyklary işjeňleşdirmek hem-de netijeli pikir alyşmalary dowam etmekde garaýyşlaryny beýan etdiler, şunda häzirki zaman sanly tehnologiýalary ulanmak mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi.