Lebaply telekeçi çagalar baglaryny miwe içgileri bilen üpjün edýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Lebaply telekeçi çagalar baglaryny miwe içgileri bilen üpjün edýär
Kärhananyň önümçilik bölüminde bir aýda 50 müňe golaý şertli banka gaplanylýar.

Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň çäginde ýerleşýän telekeçi Jumamyrat Kerimowyň ýolbaşçylygyndaky “Aýna gap” hususy kärhanasynda her günde 1,5 – 2 müň şertli gap miwe we gök önümlerden taýýarlanan içgiler gaplanylýar.

“Türkmenistan” gazetiniň sişenbe güni habar berşi ýaly, bu miwe suwlaryny taýýarlaýan kärhana şertnama esasynda indi bäş ýyla golaý wagt bäri Köýtendag, Kerki, Halaç, Saýat, Dänew etraplarynyň çagalar baglaryny ekologiýa taýdan arassa ýokumly şire suwlary bilen üpjün edýär.

Kärhananyň önümçilik bölüminde bir aýda 50 müňe golaý şertli banka gaplanylýar. Taýýar önüm, müşderilere ugradylmazdan öň, 20 güne çenli ammarda saklanýar. Şol aralykda zaýalanman, saklanan bankalardaky önümler, agzy ýapyk ýagdaýda, iki ýarym ýyla çenli içmäge ýaramlydyr.

“Aýna gap” hususy kärhanasynda 17 sany hünärmen zähmet çekýär. Bu ýerde öndürilýän önümleriň görnüşleri dürli-dürli bolup, olaryň arasynda käşirden, pomidordan, garpyzdyr kädiden taýýarlanylan tebigy tagamly şireler hem bar.

2022