Türkmenistan – Eýran: ulag-üstaşyr hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan – Eýran: ulag-üstaşyr hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy
Duşuşygyň garşynda ulag-üstaşyr gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna, durnukly demirýol gatnawlarynyň saklanylmagyna aýratyn üns berildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher gurluşyk ministri Mohammad Eslaminiň arasynda sişenbe güni onlaýn gepleşikler geçirildi.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň habar berşi ýaly, gepleşikleriň barşynda taraplar ikitaraplaýyn gün tertibiniň derwaýys meselelerini, hususan-da, iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmek boýunça hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Ulag-üstaşyr gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna, durnukly demirýol gatnawlarynyň saklanylmagyna aýratyn üns berildi.

Şeýle hem ministrler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparynyň ähmiýetli ornuny bellediler.

Duşuşygyň dowamynda kommunikasiýalar, senagat, oba we suw hojalygy ulgamlarynda hyzmatdaşlyk boýunça hem pikir alyşmalar boldy.