Türkmenistan – BMG: COVID-19-yň durmuş-ykdysady täsirleri ara alnyp maslahatlaşyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan – BMG: COVID-19-yň durmuş-ykdysady täsirleri ara alnyp maslahatlaşyldy
Duşuşykda Türkmenistanda Ýiti ýokanç keseline garşy dessin durmuş-ykdysady çäreleriň meýilnamasynyň çäginde ýerine ýetirilen işler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Hökümetiniň we BMG-niň COVID-19-yň durmuş-ykdysady täsiri boýunça bilelikdäki iş toparynyň çarşenbe güni 3-nji mejlisi geçirildi. Bu barada BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Aşgabatdaky wekilhanasynyň metbugat beýanatynda habar berilýär.

Onuň barşynda mejlise gatnaşyjylar 2020-nji ýylyň 3-nji iýulynda Kabul edilen Türkmenistanda Ýiti ýokanç keseline garşy dessin durmuş-ykdysady çäreleriň meýilnamasynyň çäginde ýerine ýetirilen işleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Merkezi bankynyň we Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň wekilleri çärä gatnaşyjylara Meýilnamanyň ýerine ýetirmek boýunça durmuşa geçirilen çäreler barada habar berdiler.

Şeýle hem, Meýilnamanyň durmuşa geçirilmegi üçin göz öňünde tutulan goşmaça maliýeleşdirmegi işjeňleşdirmek maksady bilen, BMG-niň Türkmenistandaky ýurt boýunça toparynyň Milletler Bileleşiginiň ulgamynyň ählumumy başlangyçlaryna gatnaşmak boýunça tagallalary işjeňleşdirýändigi bellenildi.

Durmuş-ykdysady çäreleriň meýilnamasyny durmuşa geçirmekde BMG tarapyndan tehniki utgaşdyryjy hökmünde çykyş edýän BMG-niň Ösüş maksatnamasy Meýilnamanyň ýerine ýetirilmeginiň gözegçilik ulgamyny işläp taýýarlamagy teklip etdi.

Duşuşygyň jemleri boýunça oňa gatnaşyjylar bilelikdäki iş toparynyň çäginde hyzmatdaşlygy dowam etmegi hem-de BMG-niň edaralarynyň, halkara maliýe edaralarynyň hem-de Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň arasynda Meýilnamany öz wagtynda ýerine ýetirmek boýunça ýygy-ýygydan geňeşmeleri geçirmegi ylalaşdylar.