Aşgabat şäherinde tölegli esasda täze ýöriteleşdirilen mekdep açylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabat şäherinde tölegli esasda täze ýöriteleşdirilen mekdep açylar
Täze 21-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik mekdebi öz işini tölegli esasda alyp barar.

Şu ýylyň 1-nji sentýabrynda Türkmenistanyň paýtagtynda täze 21-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik mekdebi açylar. Bu mekdep öz işini tölegli esasda alyp barar diýip, “Neýtralnyý Türkmenistan” gazeti çarşenbe güni habar berdi.

Paýtagtymyzyň Hoja Ahmet Ýasawy we A.Nyýazow şaýollarynyň çatrygynda ýerleşýän bu täze umumybilim berýän mekdep 720 okuwça niýetlenendir. Şeýle hem mekdebiň ýanynda 320 orunlyk taýýarlaýyş bölümi bar, oňa 5 ýaşyndaky çagalar kabul ediler. Alty ýaşyny dolduran çagalar bolsa täze okuw ýylynda umumybilim bölüminde 1-nji synpda okuwa başlarlar. Bu mekdebe söhbetdeşligiň netijeleri boýunça beýleki mekdeplerden hem ikinji synpa okuwçylar kabul ediler.

Okuw-terbiýeçilik toplumynda körpeleriň başarnyklaryny, özbaşdak işlemäge, pikirlenmäge ukyplaryny ösdürmek üçin ähli amatly şertleriň döredilmegi göz öňünde tutulýar.

Italýan dili

Täze, 2020-2021-nji okuw ýylynda paýtagtymyzyň 85-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň okuw maksatnamasyna “Italýan dili” dersi giriziler. Şeýle hem, italýan dili Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň ýöriteleşdirilen ugruna hem öwrüler.

Italýan dili ýurdumyzyň bilim edaralarynda okamak üçin täze bir ugur däl. Bu dil mundan on ýyldan gowrak ozal, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň hünär taýýarlygynyň sanawyna girizildi.

2022