“Balkan” gämi gurluşyk zawody söwda floty üçin 12 gämi gurar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Balkan” gämi gurluşyk zawody söwda floty üçin 12 gämi gurar
2025-nji ýyla çenli zawodda 12 gämi gurmak meýilleşdirilýär.

“Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti (AGPJ) geçen ýylyň maý aýyndan başlap, özbaşdak kärhana hökmünde hereket edýär we ýurdumyzyň söwda floty üçin gämileri gurmagy meýilleşdirýär.

“Türkmenistan: Altyn asyr” elektron gazetiniň anna güni habar berşi ýaly, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ýedi ýyllyk maksatnamasyna laýyklykda, 2025-nji ýyla çenli bu ýerde 12 gämi gurmak meýilleşdirilýär.

Zawod işe girizilen wagtyndan bäri bu ýerde 24 sany gämi bejerildi, şeýle hem 7 gäminiň orta derejesindäki çylşyrymly abatlaýyş işleri hem-de gämileriň 23-sinde syýahatara abatlaýyş işleri geçirildi.

Zawodyň tehnologik ulgamy döwrebap tehnologiýalary we awtomatlaşdyrylan toplumlary ulanmak arkaly ýylda dört we ondan köp gämileri gurmaga hem-de 20-30 gämilere hyzmat etmek we olary abatlamak boýunça işleri geçirmäge mümkinçilik berýär.

2022