“CLAAS” nemes kompaniýasy Gazagystanda öz zawodyny açar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“CLAAS” nemes kompaniýasy Gazagystanda öz zawodyny açar
Doly iş kuwwatyna girizilenden soňra kärhana ýylda 200 sany oba hojalyk tehnikasyny öndürer. (Surat: «Kazakh Invest»)

Dünýäde iň uly oba hojalyk tehnikalaryny öndürýän kompaniýalaryň biri “CLAAS” bilen Gazagystanyň Senagat we infrastruktura ösüşi ministrliginiň arasynda senagat önümçiligi boýunça Ylalaşyga gol çekildi. Bu barada edaranyň metbugat beýanatynda habar berilýär.

Geçirilen wideoaragatnaşyk arkaly maslahatyň barşynda Senagat we infrastruktura ösüşi ministriniň orunbasary Amaniýaz Ýeržanow we “CLAAS” kompaniýasynyň Gündogar Ýewropa we GDA ýurtlary boýunça sebitleýin direktory Nils Roýç Ylalaşyga gol çekdiler.

Täze zawod Demirgazyk Gazagystan oblastynda ýerleşer. Bu ýerde birinji tapgyrda “TUCANO” kombaýnlaryň önümçiligi ýola goýlar, ýöriteleşdirilen enjamlar ornaşdyrylar we tehniki işgärler üçin taýýarlyk okuwlary guralar.

Taslama “CLAAS” kompaniýasynyň resmi wekili bolan Gazagystanyň “ST-Agro” kompaniýasy bilen bilelikde durmuşa geçiriler. Jemi bu oblastyň ykdysadyýetine gönükdirilen maýa goýumlar 3,4 mlrd. teňňä barabar bolup, maliýeleşdiriş german kompaniýanyň öz serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylar. Taslamanyň başlangyç tapgyryň dowamynda täze iş orunlaryň 200-si dörediler.

Doly iş kuwwatyna girizilenden soňra kärhana ýylda 200 sany oba hojalyk tehnikasyny, şol sanda kombaýnlary, traktorlary we ekin ekiş toplumlaryny öndürer.

Zawody açmak barada Ylalaşyk Gazagystanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň dekabrynda Germaniýa bolan resmi saparynyň dowamynda gazanyldy.

Dünýäbelli “CLAAS” kompaniýasy oba hojalyk maşyngurluşygynda ilkinjileriniň hataryna girip, bu ugurda Ýewropada iň iri öndüriji bolup durýar.

2022