“Paýly gurluşyk” diýlip nämä düşünilýär?
“Ýaşaýyş jaýlarynyň we gozgalmaýan emläge degişli başga obýektleriň paýly gurluşygy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, paýly gurluşyk diýlip gurluşygyň, ýaşaýyş jaýlarynyň we (ýa-da) gozgalmaýan emläge degişli başga obýektleriň gurluşygy üçin, gurujylar tarapyndan paýçylaryň pul serişdeleriniň çekilmeginde alnyp barylýan görnüşine düşünilýär.
Gurujylar we paýçylar kimler bolup durýar?
Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde özüne berlen ýer böleginde ýaşaýyş jaýyny we (ýa-da) gozgalmaýan emläge degişli başga obýekti öz güýji we (ýa-da) üçünji bir şahslary çekmek bilen gurmak üçin paýçylaryň pul serişdelerini çekýän, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda döredilen ýuridik şahs gurujy bolup durýar.
Gurujy bilen ýaşaýyş jaýynyň ýa-da gozgalmaýan emläge degişli başga obýektiň paýly gurluşygyna gatnaşmagyň şertnamasyny (mundan beýläk – paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasy) baglaşan Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan, on sekiz ýaşyny dolduran Türkmenistanyň raýaty, ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahs, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda döredilen ýuridik şahs paýçy bolup durýar.
“Ýaşaýyş jaýlary” we “gozgalmaýan emläge degişli başga obýektler”, “ulanylmaga berilmegine rugsat” diýen düşünjeler nämäni öz içine alýar?
Ýaşaýyş jaýlary – paýçylaryň pul serişdeleriniň çekilmeginiň hasabyna gurulýan, ýaşaýyş jaý toplumyna girýän bir öýli ýaşaýyş jaýlary hem-de iki we şondan köp öýli ýaşaýyş jaýlary, şeýle hem bu ýaşaýyş jaýlarynda ýerleşýän sosial-medeni, administratiw, durmuş we söwda maksatly obýektler.
Gozgalmaýan emläge degişli başga obýektler – paýçylaryň pul serişdeleriniň çekilmeginiň hasabyna gurulýan durmuş-medeni, edara, ýaşaýyş, söwda we önümçilik maksatly aýratyn duran obýektler.
Ulanylmaga berilmegine rugsat – döwlet kabul ediş toparynyň ýaşaýyş jaýynyň we (ýa-da) gozgalmaýan emläge degişli başga obýektleriň kabul edilmegi hakynda ykrarhaty.
Çeşme: “Rysgal” gazeti, 31.08.2020