AÖB Özbegistana $274 milliondan gowrak bölüp berdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
AÖB Özbegistana $274 milliondan gowrak bölüp berdi
Özbegistanda 2009-njy ýyldan bäri umumy uzynlygy 2,306 kilometre barabar bolan birinji derejeli milli awtomobil ýolunyň gurluşygy alnyp barylýar.

Aziýa ösüş bankynyň (AÖB) Dolandyryjylar müdiriýeti Özbegistanyň hökümetine A-380 halkara awtomobil ýolunyň bir böleginiň abatlaýyş işleri üçin ABŞ-nyň 274,2 million dollary möçberinde karz serişdesini bölüp berdi.

AÖB-nyň Özbegistandaky wekilhanasynyň metbugat gullugynyň sişenbe güni habar berşi ýaly, bölünip berlen pul serişdesi Özbegistanyň günbataryndaky awtomobil ýolunyň 240 kilometriniň abatlaýyş işleri üçin ulanylar.

Mundan başga-da, bank Özbegistanyň Ulag ministrligine ýurduň gündogaryndaky “Daşkent-Namangan” garaýolunyň 100 kilometr synag böleginde intellektual ulgamlary gurnamaga ýardam berer.

AÖB Özbegistanyň garaýol we demirýol gurluşyk düzümlerine 1,3 mlrd. ABŞ dollary möçberinde maýa goýdy diýip, metbugat gullugy nygtady.

Özbegistanda 2009-njy ýyldan bäri umumy uzynlygy 2,306 kilometre barabar bolan birinji derejeli milli awtomobil ýolunyň gurluşygy alnyp barylýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022