Çarşenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Owganystanyň Merkezi Bankynyň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi Ajmal Ahmadiniň arasynda onlaýn gepleşikler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
Gepleşikleriň barşynda taraplar özara bähbitli türkmen-owgan hyzmatdaşlygynyň ähli ugurlary boýunça gatnaşyklary pugtalandyrmagyň we ösdürmegiň ýollary barada pikir alyşdylar.
Bilelikdäki taslamalaryň, hususan-da TOPH gaz geçirijisiniň we TOP elektrik geçirijisiniň gurluşygynyň amala aşyrylmagynyň, şeýle hem Lazurit geçelgesiniň işe girizilmeginiň möhümdigi aýratyn bellenildi.
Şu ýylyň 31-nji awgustynda Kabulda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň owgan böleginde “Ýer serişdelerini saýlap almak boýunça Özara düşünişmek hakynda Ähtnama” gol çekildi.