Gazagystanda polipropilen öndürýän iri zawod açylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Gazagystanda polipropilen öndürýän iri zawod açylar
Gazagystanyň nebite baý günbatar Atyrau sebitinde gurylýan zawodyň jemi bahasy 2,6 milliard amerikan dollaryna deň bolar. (Surat: “Kazakhstan Petrochemical Industries Inc.”)

Gazagystanda 2021-nji ýylyň üçinji çärýeginde iri polipropilen öndürýän zawody işe girizmek meýilleşdirilýär. Bu barada “Caspian News” taslamanyň ýerine ýetirijisi “Kazakhstan Petrochemical Industries Inc.” (KPI) kompaniýasyna salgylanyp habar berdi.

KPI zawodda ýylda 500 müň tonna polipropilen öndürmegi meýilleşdirýär, onuň 10% -i Gazagystanyň içerki bazarynda ýerlener. Habarda bellenilişi ýaly, bu kärhana dünýäde iň iri polipropilen öndürijileriniň biri bolmaga mümkinçilik döreder.

Bu ýerde öndürilýän önümiň esasy bölegi Günbatar we Merkezi Ýewropa, Türkiýä, Hytaýa we GDA-nyň birnäçe döwletlerine eksport ediler. Zawodyň doly işe girizilmegi nebithimiýa önümleriniň satuwyny 548,6 mln. amerikan dollara çenli ýetirmäge mümkinçilik berer.

“Biziň esasy maksadymyz – ilki bilen Gazagystanyň içerki bazarlaryny amatly bahadan ýokary hilli önüm bilen üpjün etmek” diýip, KPI-niň tehnologiýalar we önümçilik bölüminiň başlygynyň orunbasary Denis Kozyrýew belledi diýip, Gazagystan Informbýuro habar berýär.

“Ilki bilen biz polipropileniň 11 görnüşini öndürmekçi. Emma biziň önümçiligimiz uly isleg bildirýänler üçin özüniň düzümi bilen tapawutlanýan polipropileniň 64 görnüşini öndürmäge mümkinçilik berýär” diýip, Kozyrýew sözüniň üstüni ýetirdi.

Gazagystanyň Tengiz nebit ýatagynda hereket edýän “Tengizchevroil” kompaniýasy zawody çig mal bilen üpjün eder.

Taslamanyň jemi bahasy 2,6 milliard amerikan dollaryna deň bolar. Zawod Gazagystanyň nebite baý günbatar Atyrau sebitinde gurylýar.

Polipropilen dünýäde iň islegli önümleriň biri bolup, ol gaplaýyş serişdelerini öndürmekde çig mal hökmünde dokma önümleriniň, kanselýariýa önümleriniň, awtoulag ätiýaçlandyryş şaýlarynyň, elektron we elektrik gurallarynyň, şeýle hem hojalyk harytlaryň ençemesiniň önümçiliginde ulanylýar.

2022