Türkmenistan we BMG ýokanç kesellere garşy Meýilnamany ara alyp maslahatlaşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan we BMG ýokanç kesellere garşy Meýilnamany ara alyp maslahatlaşdy
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Ýelena Panowa ýokanç kesellere garşy Milli meýilnamanyň halkara ölçeglere kybap gelýändigini belledi.

Anna güni Türkmenistanyň ýiti ýokanç kesele garşy durmaga we täsir etmegine taýýarlygyny üpjün etmegiň Meýilnamasyny amala aşyrmakda öňegidişligi ara alyp maslahatlaşmak boýunça onlaýn gepleşikler geçirildi diýip, TDH habar berýär.

Wideomaslahatyň dowamynda ady agzalan Meýilnama babatda bilelikdäki çäreleri geçirmäge BMG-niň agentlikleriniň hem-de hyzmatdaşlaryň berjek goldawyna seredildi. Şol çäreleriň hatarynda ýakyn geljekde meýilleşdirilen adatdan daşary ýagdaýlarda kommunikasiýalar boýunça žurnalistler üçin ikinji okuw maslahaty bardyr.

BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Ýelena Panowa öz çykyşynda ara alnyp maslahatlaşylýan Milli meýilnamanyň halkara ölçeglere kybap gelýändigini belledi.

Onlaýn gepleşiklere Türkmenistanyň Mejlisiniň, DIM-niň, saglygy goraýyş, maliýe, ilaty hukuk we durmuş taýdan goramak, bilim, oba hojalyk hem-de daşky gurşawy goramak boýunça ulgamlaryň, migrasiýa we gümrük gulluklarynyň, ulag edaralarynyň hem-de habar beriş serişdeleriniň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Birleşen Milletler Guramasyna onuň ýurdumyzda işleýän dürli agentlikleriniň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri wekilçilik etdiler. Olaryň hatarynda BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, ÝUNISEF-iň, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG), BMG-niň Ilat we ösüş gaznasynyň, Merkezi Aziýada Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň wekilleri bardyr.