Bäherden etrabynda her günde 4 tonna çörek öndürilýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Bäherden etrabynda her günde 4 tonna çörek öndürilýär
Kärhanada bir günüň dowamynda galyp çöreginiň 6 müň 270-den gowragy bişirilýär.

Ahal welaýat Alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň Bäherden etrap kooperatiw daşary söwda birleşiginiň 1-nji önümçilik sehinde her günde tamdyr we galyp çöreginiň jemi 4 tonnasy öndürilýär. Bu barada “Ahal durmuşy” gazeti duşenbe güni habar berdi.

Kärhanada galyp çöregiň önümçiliginde “FTL” kysymly küre peçleriň hem-de Italiýanyň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň ýörite çörek bişiriji enjamy ulanylyp, bir günüň dowamynda şeýle çörekleriň 6 müň 270-den gowragy bişirilýär.

Şeýle-de önümçilik sehinde türkmen çöregini bişirmekde tamdyrlaryň 8-si gurnalandyr. Kärhanada her günde tamdyr çöreginiň 2 müň 450-ä golaýy taýýarlanylýar.

Önümçilik sehinde häzirki wagtda işler üç çalşykda alnyp barylýar hem-de ol ýerde işçileriň 30-a golaýy zähmet çekýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022