GDA ýurtlary BMG-niň Baş assambleýasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
GDA ýurtlary BMG-niň Baş assambleýasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar
Arkalaşygyň agza-ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň wekilleri BMG-niň Baş assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň barşynda GDA döwletleriniň özara hyzmatdaşlygyny we ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdylar. (Surat: «GDA»)

Geçen anna güni GDA döwletleriniň daşary işler ministrlikleriniň BMG-niň Baş assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň gün tertibiniň meseleleri boýunça wideoaragatnaşyk arkaly maslahat geçirildi. Bu barada GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň metbugat gullugyna salgylanyp, BELTA habar agentligi duşenbe güni habar berdi.

Maslahata Azerbaýjanyň, Belarussiýanyň, Ermenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň (synçy hökmünde), Özbegistanyň hem-de GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekilleri gatnaşdylar.

Arkalaşygyň agza-ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň wekilleri BMG-niň Baş assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň barşynda GDA döwletleriniň özara hyzmatdaşlygyny we ileri tutulýan ugurlaryny, şeýle hem 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüş babatynda Gün tertibiniň durmuşa geçirilişi boýunça Baş assambleýanyň işini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem, maslahata gatnaşyjylar BMG-niň edaralaryna saýlawlar baradaky meselä garadylar.

2022