Türkmenistan we Gruziýa ulag-üstaşyr hyzmatdaşlygyny ösdürmegi maksat edinýärler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan we Gruziýa ulag-üstaşyr hyzmatdaşlygyny ösdürmegi maksat edinýärler
Ministrler “Hazar deňzi – Gara deňzi” halkara ulag geçelgesi taslamasyny işjeňleşdirmek hem-de onuň kadalaşdyryjy-hukuk binýady bilen bagly meselelerine aýratyn üns berdiler.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Gruziýanyň Daşary işler ministri Dawid Zalkaliani bilen onlaýn gepleşikleri geçirdi.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň habar berşi ýaly, duşenbe güni gepleşikleriň dowamynda ministrler ikitaraplaýyn gün tertibi bilen bagly derwaýys meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar hem-de iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesini nygtadylar.

Söhbetdeşler bilelikdäki ulag-üstaşyr geçelgelerini kämilleşdirmek boýunça hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar. “Hazar deňzi – Gara deňzi” halkara ulag geçelgesi taslamasyny işjeňleşdirmek hem-de onuň kadalaşdyryjy-hukuk binýady bilen bagly meselelerine aýratyn üns berildi.

Mundan başga-da, gepleşikleriň barşynda taraplar sebitara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ilerletmek nukdaýnazaryndan Lapis Lazuli taslamasynyň hem ähmiýetini bellediler. Awtomobil ýollarynyň hem-de deňiz portlarynyň netijeli ulanylmagy arkaly üznüksiz daşamalaryň wajyplygyny nygtadylar.

Şeýle-de onlaýn gepleşikleriň dowamynda medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

2022