Türkmenistan CAREC-iň elektron söwda boýunça okuw maslahatyna gatnaşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan CAREC-iň elektron söwda boýunça okuw maslahatyna gatnaşdy
Okuw maslahatyna gatnaşyjylar elektron täjirçilik ulgamynda gümrük gullugynyň, IT-tehnologiýalaryň we sanly ulgamyň işleriniň dürli ugurlaryna garadylar.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň (TDGG) wekilleri Aziýa ösüş banky we onuň “Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk (CAREC)” maksatnamasy bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde geçirilen “CAREC sebitinde sanly täjirçilik: kanunlar we syýasat” atly okuw maslahatyna gatnaşdylar.

TDGG-nyň resmi internet sahypasynda habar berlişi ýaly, okuw maslahatyň maksady Merkezi Aziýa ýurtlarynda içerki we serhetüsti elektron täjirçiligiň, şonuň ýaly-da sanly ulgam arkaly söwdanyň ösdürilmegi bilen bagly meseleleri özara ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy.

Okuw maslahatyň dowamynda elektron täjirçiligini düzgünleşdirýän halkara kanunçylyk-hukuk namalary bilen tanyşdyryldy. Gatnaşyjylar elektron täjirçilik ulgamynda gümrük gullugynyň, IT-tehnologiýalaryň we sanly ulgamyň işleriniň dürli ugurlaryna garadylar, şeýle hem hyzmatdaşlaryň ösüş boýunça ählumumy başlangyçlary baradaky maglumatyny diňlediler.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy “ASYCUDA World” atly maglumatlar ulgamyny ornaşdyrdy. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň öňünde durýan ileri tutulýan wezipeleriň biri “Bir penjire” ýörelgesini durmuşa geçirmekden ybaratdyr.

2022