Türkmenistanyň Prezidenti “Lukoýl” we “Çalyk Holding” kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti “Lukoýl” we “Çalyk Holding” kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Prezidenti we “Lukoýl” AGPJ-niň ýolbaşçysy bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagyň we uzak möhletli hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. (Surat: “Lukoýl”)

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow çarşenbe güni Balkan welaýatyna bolan iş saparynyň barşynda “Lukoýl” AGPJ-niň ýolbaşçysy Wagit Alekperowy kabul etdi diýip, TDH habarlar agentligi habar berýär.

Habarda beýan edilişine görä, duşuşygyň barşynda taraplar ykdysady taýdan bähbitlilik esasynda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagyň we uzak möhletli hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Wagit Alekperow biziň ýurdumyzda üstünlikli amala aşyrylýan özgertmeler maksatnamalaryna işjeň gatnaşmaga “Lukoýl”-yň gyzyklanma bildirýändigini aýdyp, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň gazyp alýan hem-de gaýtadan işleýän ulgamyň, dünýä bazarynda uly islegden peýdalanýan gaz we nebithimiýa senagatynyň ösdürilmeginde toplanan tejribäni türkmen tarapyna hödürlemäge taýýardygyny nygtady.

Şeýle-de döwlet Baştutany “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň müdirliginiň başlygy Ahmet Çalyk bilen duşuşyk geçirdi.

Milli Liderimiz dostluk, doganlyk we taryhy-medeni kökleri birleşdirýän Türkiýe bilen biziň ýurdumyzyň gatnaşyklarynyň netijeli häsiýetini nygtap, türk kompaniýasynyň türkmen bazarynda işjeňligini belledi.

Hormatly Prezidentimiz gurluşygy “Çalyk Holding” kompaniýasyna ynanylan TOP elektrik geçiriji ulgamynyň ähmiýetini nygtap, kompaniýanyň ýolbaşçysyna ähli işleriň bellenilen möhletlerinde we ýokary derejede ýerine ýetirilmegini tabşyrdy.

Türk işewüri ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine gatnaşmak bilen, köpýyllyk hyzmatdaşlygy dowam etmegiň öz kompaniýasy üçin uly hormatdygyny belläp, birnäçe bilelikdäki taslamalary ilerletmegiň barşy hakynda hasabat berdi.

“Çalik Enerji” kompaniýasy TNGIZT-de täze energiýa desgalaryny gurýar hem-de Türkmenistanda energiýa ulgamynyň halkasyny döretmegiň taslamasyna gatnaşýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022