Anna güni geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ulaglaryň ähli görnüşleriniň ýolagçylarynyň we ekipaž agzalarynyň hökmany ätiýaçlandyrmasy hakynda Düzgünnamany tassyklady we degişli Karara gol çekdi. Bu barada TDH habar berýär.
Resminama laýyklykda, hökmany döwlet şahsy ätiýaçlandyrmasyna ulaglaryň ähli görnüşleriniň ýolagçylary, howa, deňiz, derýa, awtomobil ulaglarynyň ekipaž agzalary we demir ýol ulaglarynyň işgärleri degişlidir.
Karar bilen Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligine Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy bilen ylalaşyp, hökmany ätiýaçlandyrmasy boýunça ätiýaçlyk gorlaryny emele getirmegiň we harçlamagyň Tertibini bellenen tertipde tassyklamak tabşyryldy.
Mejlisiň barşynda döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda ätiýaçlandyryş işiniň tertibini kämilleşdirmegiň hem-de bu ulgamyň işini döwrüň talaplaryna laýyklykda guramagyň döwlet syýasatynyň möhüm ugrudygyny belledi.