Türkmenistan we Eýran ýük awtoulaglaryny geçirmek üçin “Sarahs-Sarahs” serhetýaka geçelgesini wagtlaýyn açdylar. Bu barada “ORIENT.tm” Eýranyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerine salgylanyp, duşenbe güni habar berdi.
Eýranyň Sarahs serhetýaka terminalynyň ýolbaşçysy Mehdi Rezaýiniň IRNA habar agentligine beren beýanatynda bellenilişi ýaly, duşenbe güni türkmen tarapy bilen geçirilen duşuşygyň esasynda hem-de ylalaşylan sanitariýa çärelerine laýyklykda, 10 sany ýük ulagy serhetýaka köprüsinden 100 metr Türkmenistanyň çägine girer. Şeýlelikde eýran ýük ulaglarynyň ýükli tirkegleri türkmen ýük ulaglaryna birikdirilip, Türkmenistanyň çäginde eltmeli ýere ýa-da üçünji ýurduň serhedine çenli eltip berler.
Türkmen tarapynyň awtoulaglary ýük tirkeglerini eltmeli ýere eltip, ýüksüz tirkegleri yzyna Sarahs serhetýaka geçelgesine getirerler. Bu tertip türkmen ulaglarynyň Eýranyň çägine girmegi üçin hem mümkindir diýip, habarda aýdylýar.
1-nji sentýabryndan Türkmenistan Eýran bilen yzygiderli demir ýol gatnawyny täzeden ýola goýdy. Ýük otlularynyň gatnawy hemişelik gün tertibi boýunça “Sarahs-Sarahs”, “Artyk-Lýutfabad” we “Akýaýla-Inçeburun” serhetýaka geçelgelerindäki gümrük barlag goýberiş nokatlarynyň üsti bilen amala aşyrylýar.