Aşgabatda ilkinji IT-meýdançasy peýda bolar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabatda ilkinji IT-meýdançasy peýda bolar
IT-meýdançasynyň rezidentleri hökmünde iri kompaniýalar hem-de talyplar, şeýle hem programma üpjünçiligini işläp düzmek tejribesi bolan beýleki raýatlar çykyş edip bilerler.

Ýakyn wagtda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň çäginde ilkinji IT-meýdançasyny açmak meýilleşdirilýär. Bu barada “Neýtralnyý Türkmenistan” gazeti penşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, bu meýdançanyň döredijileriniň hataryna Telekommunikasiýalar we informatika instituty bilen bilelikde Aşgabat şäher telefon ulgamy (AŞTU) hem-de “Altyn Asyr” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti çykyş edýär.

Ýurdumyzdaky ilkinji innowasion IT-meýdançasyna ýolbaşçylyk etmek institutyň uçurumy Ýagmyrguly Garowa ynanyldy.

IT-merkezi iki gatly binadan ybarat bolup, bu ýerde ýurdumyzyň maglumat tehnologiýalary pudagynda iş alyp barýan kompaniýalary edara binalaryny kärendesine alyp bilerler. Umumy möçberde bu bina 150 işgäre niýetlenendir. Mundan başga-da, bu ýerde ýene 50 adamlyk “işewür” zolagy bardyr. IT-meýdançasynyň rezidentleri hökmünde iri kompaniýalar hem-de talyplar, şeýle hem programma üpjünçiligini işläp düzmek tejribesi bolan beýleki raýatlar çykyş edip bilerler.

Paýtagtymyzyň innowasiýa merkeziniň ileri tutulýan maksatlarynyň biri ýaş alymlary we beýlekileri, maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalary pudagyndaky beýleki gatnaşyjylary bir ýere jemlemekden ybaratdyr.

Özüniň guramaçylyk günlerinden başlap, IT-meýdançasy Türkmenistanyň Ýaş alymlar merkezi we onuň düzümine girýän geňeşler bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy. Mundan başga-da, Türkmenistanyň “Halkbank” döwlet täjirçilik banky, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi, Döwlet çeperçilik akademiýasy, Döwlet medeniýet instituty we beýleki edaralar bilen bilelikde birnäçe taslamalar durmuşa geçirilýär.