Gazagystanda koronawirusa garşy ýerli waksinanyň barlagy geçirilýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Gazagystanda koronawirusa garşy ýerli waksinanyň barlagy geçirilýär
Waksinanyň immunitet öndürijilik ukybyna gönükdirilen barlagyň ikinji tapgyrynda 200 adamyň gatnaşmagy meýilleşdirilýär.

Gazagystanda QazCovid-in atly koronawirusa garşy bu ýurtda işlenip taýýarlanylan waksinanyň-dermanyň kliniki barlaglaryna girişildi. Bu barada Gazagystan Respublikasynyň Bilim we ylym ministrligine salgylanyp, TDH geçen anna güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, QazCovid-in waksinasy Gazagystanyň Bilim we ylym ministrliginiň ylymlar komitetiniň Biologiki howpsuzlyk meseleleri boýunça ylmy-derňew instituty tarapyndan işlenip taýýarlanyldy.

Waksinanyň kliniki barlaglaryna 18 ýaşdan 50 ýaşa çenli sagdyn, meýletin uly adamlar gatnaşýarlar. Bu derman serişdesiniň howpsuzlygyny anyklamak maksady bilen geçirilýän barlaglaryň birinji tapgyryna koronawirus ýokanjy bilen kesellemedik hem-de bedeninde antitela bolmadyk adamlaryň 44-si gatnaşýar. Waksinanyň immunitet öndürijilik ukybyna gönükdirilen barlagyň ikinji tapgyrynda 200 adamyň gatnaşmagy meýilleşdirilýär.

Häzirki wagtda Biologiki howpsuzlyk meseleleri boýunça ylmy-barlag institutyna kliniki synaglara gatnaşmak üçin raýatlardan 688 arza gelip gowuşdy.

Barlaglar Gazagystanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň “Ftiziopulmonologiýa boýunça milli ylmy merkezi” respublikan döwlet kärhanasynda hem-de “GCP” standarty boýunça sertifitsirlenen “Сentre for Clinical Medicine and Resеarch” jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýetiniň binasynda geçiriler.

2022