Türkmenistan-Owganystan: bilelikdäki demir ýol taslamalary durmuşa geçirilýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan-Owganystan: bilelikdäki demir ýol taslamalary durmuşa geçirilýär
Taraplar Akina-Andhoý we Turgundy-Hyrat polat ýollarynyň döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmekde ähmiýetini nygtadylar.

“Türkmendemirýollary” agentliginiň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Ulaglar ministrliginiň demir ýol ulaglary edarasynyň wekilleriniň arasynda duşenbe güni, 21-nji sentýabrda onlaýn gepleşikler geçirildi.

TDH-nyň habar berşi ýaly, gepleşikleriň barşynda taraplar iki ýurduň arasynda  gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly ulag-üstaşyr ulgamda geljekki hyzmatdaşlyk babatynda pikir alyşdylar. Akina-Andhoý we Turgundy-Hyrat demir ýollarynyň gurluşygynyň taslamalaryny durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşylan möhüm ugur boldy.

Uzynlygy 30 kilometre deň bolan Akina – Andhoý demir ýoluny çekmek üçin şertnamanyň bahasy ABŞ-nyň 21 million dollaryna barabardyr. Häzirki wagtda “Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan demir ýoluň ýokarky gurluşy üçin 17 kilometrden gowrak rels-şpal gözenekleri ýygnaldy.

Geljekde Akina-Andhoý demir ýol şahasyny Täjigistanyň serhedine çenli uzaltmak meýilleşdirilýär. Şol ýerden Aziýa-Ýuwaş ummany sebitiniň bazarlaryna çykalga açylýar. Şeýlelikde, bu demir ýol şahasynyň Owganystan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiýe “Lazurit geçelgesi” ady bilen belli bolan ulag geçelgesine birikdirilmeginiň hasabyna döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin täze mümkinçilikler açylar.

Şeýle hem maslahata gatnaşyjylar Turgundy-Hyrat demir ýolunyň gözleg işlerini geçirmek, taslamalaşdyrmak, gurmak we bu taslamany tehniki-ykdysady taýdan esaslandyrmak hem-de maliýeleşdirmek bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Bu işler “Türkmendemirýollary” agentligi bilen Owganystanyň demir ýol ulaglary edarasynyň arasynda geçen ýylyň iýun aýynda gol çekilen Ähtnama laýyklykda alnyp barylýar.

Täze polat ýoluň umumy uzynlygy 173 kilometre barabar bolup, ýoluň ugrunda 4 sany demir ýol menzillerini, aragatnaşyk hem-de habardar ediji ulgamlaryny, beket meýdançasyny we beýleki desgalary gurmak meýilleşdirilýär. Halkara maliýe guramalary, şol sanda Aziýanyň ösüş banky we Yslam Ösüş banky bilen uzakmöhletleýin karz serişdelerini bermek hakynda gepleşikler geçirilýär.

“Türkmendemirýoltaslama” instituty tarapyndan bu ulag ýolunyň Türkmenistanyň çäginden geçýän bölegi bolan Serhetabat bekedinden türkmen-owgan serhedine çenli 6 kilometrlik böleginiň taslamasy taýýarlanyldy. Şeýle-de bu ugurda umumy uzynlygy 177 metre golaý demir ýol köprüsiniň gurluşygy göz öňünde tutulýar.

Taraplar Akina-Andhoý we Turgundy-Hyrat polat ýollarynyň ähmiýeti barada aýdyp, olara täze logistiki ugurlaryň goşulmagy bilen Hazardan Hindi ummanyna çenli aralykda halkara ulag geçelgeleriniň möhüm bölegi hökmündäki ornunyň pugtalanjakdygyna ynam bildirdiler.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022