Türkmenistan ESKATO-nyň onlaýn maslahatyna gatnaşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan ESKATO-nyň onlaýn maslahatyna gatnaşdy
ESKATO-nyň Taýlandyň paýtagty Bankokdaky baş binasy

BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany üçin Ykdysady we durmuş komissiýasynyň guramagynda (ESKATO) 22-23-nji sentýabr aralygynda wideoaragatnaşyk arkaly ulag we daşky gurşawy goramak ulgamynda bilermenler toparynyň iki günlük maslahaty geçirildi. Sebitde ulaglaryň howanyň üýtgemegine ýetirýän täsirini peseltmek maslahatyň esasy meselesi boldy.

ESKATO-nyň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, maslahatyň barşynda Komissiýanyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk hem-de ony ulag we ekologiýa babatda Durnukly ösüşiň maksatlarynda kesgitlenen wezipeleri amala aşyrmak, ilerletmegiň geljegi bilen bagly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maslahata türkmen tarapyndan “Türkmenawtoulaglary”, “Türkmendeňizderýaýollary” agentlikleriniň hem-de Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň wekilleri gatnaşdylar.

Aziýa-Ýuwaş ummany sebitinde ulag pudagynyň paýyna dünýäde umumy sarp edilýän nebitiň 51,9 göterimi  hem-de bölünip çykýan kömürturşy gazynyň  13,5  göterimi düşýär.

2022