Türkmenistan öz çäklerinde owganara parahatçylykly gepleşikleri geçirmäge taýýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan öz çäklerinde owganara parahatçylykly gepleşikleri geçirmäge taýýar
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistan öz çäklerinde owganara parahatçylykly gepleşikleri geçirmäge zerur bolan syýasy we guramaçylyk şertlerini üpjün etmäge taýýardyr.

Merkezi Aziýada parahatçylyk, howpsuzlyk we ösüş Owganystandaky ýagdaýlaryň düzgünleşdirilmegine gönüden-göni baglydyr diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji ýubileý mejlisine gatnaşyjylara wideoýüzlenmesinde belledi. Bu barada TDH agentliginiň resmi saýtynda habar berilýär.

“Şunda Türkmenistanyň eýeleýän ýörelgesi tutanýerlidir we üýtgewsizdir: gepleşikleri geçirmek arkaly işlerden başga ýollar bolup bilmez. Mundan ozalky tejribeleriň ählisi güýç ulanyş usullarynyň geljeginiň ýokdugyny hem-de ylalaşyga we ýaraşmaga getirip bilmeýändigini görkezdi” diýip, milli Liderimiz nygtady.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Bitarap döwlet we Owganystanyň gönüden-göni goňşusy hökmünde Türkmenistan öz çäklerinde owgan Hökümetiniň hem-de bu ýurtdaky ýagdaýlary syýasy taýdan düzgünleşdirmekde gyzyklanma bildirýän ähli taraplaryň arasynda parahatçylykly gatnaşyklary ýola goýmak üçin zerur bolan syýasy we guramaçylyk şertlerini üpjün etmäge taýýardyr.

Şunuň bilen baglylykda owgan tarapynyň gatnaşmagynda iri düzümleýin, ilkinji nobatda, energetika, ulag we kommunikasiýa ýaly möhüm ulgamlarda taslamalaryň durmuşa geçirilmegini Owganystanyň syýasy taýdan durnuklaşdyrylmagynyň, ykdysady we durmuş taýdan täzeden dikeldilmeginiň, onuň dünýä hojalyk işlerine üstünlikli goşulyşmagynyň esasy şerti hasaplaýarys diýip, türkmen Lideri aýtdy.

Bu ugurda yzygiderli iş alyp barmak bilen, ýurdumyz, mälim bolşy ýaly, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň, şeýle hem Owganystanyň çäklerine çykýan demir ýol şahalarynyň, optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşyklarynyň başyny başlady, şolar eýýäm iş ýüzünde amala aşyrylmak tapgyryna girendigini hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

2022